Edilýän işler barada
Kärhananyň hyzmatlaryny görkezýän 6 sany maglumat beriji mazmuny:
Islegleriň kanagatlandyrylýan kärhanasy.
Biziň öndürýän harytlarymyz alyjylaryň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Sebäbi kärhanamyz alyjylaryň isleglerine uly üns berýär we olaryň isleglerini birkemsiz ýerine ýetirmek üçin ähli işleri edýär.
Tejribeli işgärler.
Biziň kärhanamyzda zähmet çekýän işgärleriň ählisi köpýyllyk tejribelidir. Olaryň her biri öz işine ussatlyk bilen çemeleşýär we islenilýän netijäni gazanmakda ýadawsyz zähmet çekýärler. Netijede bolsa kärhananyň öňünde goýlan ähli maksatlar we planlar wagtynda ýerine ýetirilýär.
Alyjylar üçin öndürilýän önümler.
Kärhanada öndürilýän önümler un we kepekden ybarat bolup, olaryň ählisi ýokary hilde öndürilip halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýle-de bu ýerde üwelen bugdaý dänesi hem taýýarlanylýar.
Tehniki binýat
Kärhanamyzyň maddy tehniki binýady berk bolup bu ýerde öndürilýän önümler Dünýä standartlaryna doly gabat gelýär. Biziň önümçilikde ulanýan tehnikalarymyz: AI-BZN we ZM stanoklary.

Günlük önümçilik maglumatlary
Bu ýerde öndürilýän unuň möçberi bir günde 360 tonna, üwelen bugdaý dänesiniň möçberi bir günde 479 tonna, kepek önümçiliginiň möçberi bir günde 140 tonna barabardyr.
Ählisiniň jemi
Ýokarda görkezilen ähli mazmunyň jemi kärhanamyzyň ýokary derejede alyp barýan işiniň, bu ýerde çekilýän uly zähmetiň subutnamalarydyr. Biziň iň uly islegimiz alyjylaryň ojagyna ak bugdaýyň rysgal getirmegidir!

2
sany degirmen

2
görnüşli kuwwatly stanok

546
sany işgär

25
Ulag
Beýleki peýdaly web sahypalar
Habarlaşmak üçin
Bu bölümçede siz bize önümçilik hakda öz teswirleriňizi ugradyp bilersiňiz