Aşgabadyň galla önümleri kärhanasy
Biziň kärhanamyz 1930-njy ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Onuň şol wagtky öndürijiligi bir günüň dowamynda 125 tonna una barabardy. 1948-nji ýylda bolup geçen ýer titremäniň netijesinde kärhana uly zeper ýetdi. 1953-nji ýylda bolsa zyýan ýeten ýerler düzedildi we kärhana gaýtadan gurlup ulanylmaga berildi. Şondan soňra bolsa kärhananyň önümçilik güýji bir günüň dowamynda 140 tonna una ýetdi.
Kärhanadaky degirmen iki bölümden ybarat bolup olaryň birinjisinde bugdaýy üwemek, arassalamak, çykarmak we ammara geçirmek prosesleri ýerine ýetirilýär. Degirmeniň ikinji böleginde bolsa taýýarlanan ak uny sortlaşdyrmak işi ýerine ýetirilýär.
1984-1985-nji ýyllarda kärhananyň durkuny täzelemek hem-de onuň işjeňligini güýçlendirmek boýunça işler amala aşyryldy we şondan soň kärhana has ýokary sortlardaky unlary öndürip başlady. Şondan soňra un önümçiligi bilen bir hatarda bu ýerde kepek önümçiligi hem-de bugdaý dänesini üwemek önümçiligi hem ýola goýuldy.
Häzirki wagtda Aşgabadyň Galla Önümleri Kärhanasynda esasy öndürilýän önümler un we bugdaý dänesini üwemeklikden ybarat bolup, bu ýerde bir günüň dowamynda 479 tonna bugdaý dänesi üwelip, 360 tonna un öndürilýär.


2
sany degirmen

2
görnüşli kuwwatly stanok

546
sany işgär

25
Ulag
Edara binamyz we dükanlarymyz






Kärhanada öndürilýän unuň sortlary:
Ýokary
derejeli
1-nji
derejeli
3-nji
derejeli
2-nji
derejeli
Habarlaşmak üçin
Bu bölümçede siz bize önümçilik hakda öz teswirleriňizi ugradyp bilersiňiz